Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr diýip, prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Hytaýyň Týanszin şäherinde geçen ŞHG sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
Berdimuhamedow Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň çakylygy boýunça ŞHG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Türkmenistan bu guramanyň agzasy däl.
Türkmen prezidenti öz ýurdunyň energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
Sammitiň yz ýany, prezident Berdimuhamedow 3-nji sentýabrda II Jahan urşunyň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän harby parada gatnaşmak üçin otluda Pekin şäherine bardy we günüň ikinji ýarymynda Hytaýyň Halk ýygnaklar zalynda Si Szinpin bilen resmi duşuşyk geçirdi.
Bu ýygnakda hem taraplar beýleki ugurlar bilen bir hatarda iki ýurduň arasynda ýola goýlan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmenistanyň tebigy gaz eksport ugurlary
Türkmenistan häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlerden esasan Hytaýa tebigy gaz iberýär. Hytaý türkmen gazynyň iň esasy müşderisi bolup, Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) sanlaryna görä, bu ýurt 2009-2025-nji ýyllar aralygynda 430 milliard kub metr möçberinde türkmen gazyny satyn aldy.
Maglumata görä, Transaziýa gaz geçirijisi arkaly iberilýän gaz Hytaýyň 20 welaýatynda 300 milliondan gowrak ilatyň hojalygyny ýyladýar.
Eýsem, Türkmenistan Gurama agza döwletlerden başga haýsy ýurtlara gaz eksport edýär?
Garaşsyzlygyň irki ýyllaryndan başlap, 25 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň iň esasy gaz müşderisi bolan Russiýa 2016-njy ýylda türkmen gazynyň importyny bes etdi. Iki ýurduň arasyndaky gaz ylalaşygy, 2019-2024-nji ýyllar aralygynda bäş ýyl möhlet bilen gaýtadan dikeldildi, ýöne onuň möhleti uzaldylmady.
Soňky ýyllarda goňşy Özbegistan hem Türkmenistandan gaz satyn alyp başlady. Ýöne özbek neşirleri şu ýylyň iýul-ýanwar aýlary aralygynda bu ýurduň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberiniň azaldylandygyny habar berdi.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlerden Eýran bilen arada hem swap ylalaşygy esasynda Türkiýe we Yrak ugurlary boýunça tebigy gaz ylalaşyklary gazanyldy.
Türk resmileri Türkmenistan – Eýran – Türkiýe üçtaraplaýyn swap ylalaşygy esasynda, “mawy ýangyjyň” mart aýynda iberilip başlanandygyny, bu ugur boýunça bir aýyň dowamynda 250 million kub metre golaý türkmen gazynyň Türkiýä gelip gowşandygyny, bu mukdaryň ýylyň ahyryna çenli 1,3 milliard kub metre çenli ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.
Eýran 2023-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza boldy. Türkiýe bu gurama dialog hyzmatdaşy hökmünde gatnaşýar.
Gurama agza döwletler doly agza, synçy agza we dialog hyzmatdaşy hökmünde üç topara bölünýär.
Türkmenistan swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen Yraga-da ýylda 10 milliard kub metr çemesi tebigy gaz eksport etmegi meýilleşdirýär.
Şeýle-de, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna doly hukukly agza bolan Pakistana we Hindistana, şeýle-de synçy agza Owganystana-da gaz ibermegi meýilleşdirýär, ýöne bu taslama onlarça ýyl bäri yza süýşürilýär.
Galyberse-de, Türkmenistan ŞHG-nyň dialog hyzmatdaşlaryndan Azerbaýjana-da gaz eksport edýär.
Azeri metbugaty şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda bu ýurduň 187 million kub metr möçberinde türkmen gazyny satyn alandygyny habar berdi.
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlere iberilýän tebigy gazyň möçberini artyrmagy teklip etmek bilen, esasan haýsy ugurlar boýunça gazyň göwrümini artyrmagy göz öňünde tutýar?
Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň “D” şahasy
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen prezidenti öňki ýyllarda hem Hytaý ugry boýunça tebigy gaz eksportlaryny giňeltmek bilen bagly teklipler bilen çykyş edipdi.
Ýatlasak, Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde eden çykyşynda türkmen gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip edipdi.
Şonda düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni John Roberts, şeýle teklip bilen, türkmen prezidentiniň Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň Dördünji şahasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýan bolmagynyň gaty mümkindigini aýdypdy.
“Prezident [Serdar Berdimuhamedow ‘täze taslamalar’ diýmek bilen] tas ikuçsyz diýen ýaly [Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň] dördünji şahasyny göz öňünde tutýar. Sebäbi, düýn [18-nji maýda] “Bitarap Türkmenistan” döwlet gazeti Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işlerini çaltlandyrýandygyny hem-de çykarylan önümiň, sitata, “Özbegistan – Täjigistan – Gyrgyzystan ugry boýunça gurulýan täze gaz geçirijiniň üsti bilen” Hytaýa iberiljekdigini aýtdy. Bu bolsa, [Türkmenistan – Hytaý] gaz geçirijisiniň D liniýasy, ýagny Transaziýa gaz geçiriji ulgamynyň dördünji şahasy bolup durýar” diýip, bilermen aýtdy.
Türkmenistanyň tebigy gaz serişdeleri häzirki wagtda Hytaý ugry boýunça Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň biri birine parallel “A”, “B” we “Ç” şahalarynyň üsti bilen iberilýär.
Türkmen häkimiýetleri özbek, täjik we gyrgyz territoriýasyndan çekilmegi meýilleşdirilýän gaz geçirijiniň “D” şahasynyň gurluşygynda öňe gidişligiň gazanylmagyna gyzyklanma bildirip gelýär.
Bu liniýa işe girizilen halatynda Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň umumy geçirijilik kuwwatynyň 30 milliard kub metr ýokarlanyp, takmynan 85 milliard kub metre barabar bolmagyna garaşylýar.
Bu aralykda, Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukrainada alyp barýan çozuşynyň fonunda rus gazyna bolan garaşlylygy azaldyp, import ugurlaryny diwersifikaisýalaşdyrmagyň üstünde işleýär. Munuň bilen baglylykda, türkmen hökümeti ýurduň tebigy gaz serişdeleriniň uly möçberlerde Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça hem iberilmegine gyzyklanma bildirýär.
“British Petroluem” kompaniýasynyň statistikalaryna görä, Türkmenistan subut edilen tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orunda gelýär.
Muňa garamazdan, ýurt raýatlary ýyllarboýy durmuş-ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär, iş-eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykýan türkmenistanlylaryň sany ýokary bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum