Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, türkmen, hytaý habar gulluklary habar berýär.
Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy diýip, TDH ýazýar.
Berdimuhamedow, öz gezeginde, Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady.
Şeýle-de, TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady.
“Sinhua” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Si Szinpin Hytaý bilen Türkmenistanyň birek-birege ynanýan gowy hyzmatdaşlar bolup durýandygyny aýtdy we Hytaýyň Türkmenistany baky bitaraplyk syýasatyny alyp barmakda we milli garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy we territorial bitewiligini goramakda goldaýandygyny aýtdy.
Si Szinpin taraplaryň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmeginiň, çig mal däl pudaklardaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmeginiň, özara gatnaşygy berkitmeginiň zerurdygyny, şeýle-de, "Lu Ban ussahanasy" hünär bilim maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyryp, ikitaraplaýyn esasda Hytaý we Türkmen medeni merkezlerini açmalydygyny aýtdy diýip, hytaý metbugaty ýazýar.
Şeýle-de, Hytaýyň başlygy ŞHG we Hytaý-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy mehanizminiň çäklerinde guralýan hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň berk utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny, munuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze netijeleri gazanmak mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.
Si Szinpin Hytaý bilen Türkmenistanyň Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň netijelerini berk goldamalydygyny we bütindünýä parahatçylygyny bilelikde goramalydygyny aýtdy.
“Türkmenistan we Hytaý gadymy taryhy bolan ýurtlardyr. Asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz dürli görnüşlerde gatnaşyk saklap, özboluşly tejribe topladylar. Bu gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy baradaky garaýyşlary ýakyndyr” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
HHR-iň başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar diýip, türkmen prezidenti 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini ýatlatdy we Si Szinpini, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
HHR-iň başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy diýip, TDH ýazýar.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi diýip, habarda bellenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum