Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen küştçüsi Türkiýede geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkiýäniň Kappadokiý şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda 39 ýaşly türkmen küştçüsi, halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew kümüş medala eýe boldy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, bäsleşik Şweýsariýa ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirilip, oňa 10 ýurduň 78 küştçüsi gatnaşdy.

Meýlis Annaberdiýew 6,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi, birinji orna Eýranyň halkara ussady Seýed Kian Purmosaw mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa, Peru döwletinden gelen halkara ussady Diego Rodri Flores Killýas aldy.

Şeýle-de, Meýlis Annaberdiýew bu ýaryşyň öňüsyrasynda Türkiýäniň Ankarada geçirilen toparlaýyn çempionatynda “Hukukçy Fenerbahçe” toparynyň düzüminde çykyş edip, 16 toparyň arasynda kümüş medal gazandy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG